Ýanwar 14, 2020 20:36 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Tehran döwleti Ukrainanyň ýere gaçan uçary baradaky bütin borçlaryna amal etjekdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehraniň töwereginde ýere gaçan Ukrainanyň ýolagçy gatnatýan uçarynda janlaryny elden beren adamlaryň dogan-garyndaşlaryna duýgudaşlygyny beýan etmek bilen bir wagtda Eýranyň döwleti şu ugurda özüniň bütin hukuky we kanuny borçlarynda tapyljakdyr diýip yglan etdi.

şu gün prezident Hasan Ruhani soňky wagtlarda ýüze çykan wakalaryň köküniň, Amerikanyň sebitde edýän başbozarlyklaryna öwrülýändigini aýdyp Tehran döwleti bu hadysada aradan çykan bütin adamlaryň ylaýtada beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň garşysynda özüni jogapkär bilýär diýdi.

Ruhani, bu hadysanyň bütin taraplarynyň barlanylýanlygyny aýdyp bu seljeriş işleriň netijeleri ilata eşitdiriljekdir diýip sözüne goşdy.

Tag

Teswirler