Ýanwar 17, 2020 16:15 Asia/Ashgabat
  • sertip Hatami:Eýran her hili azgynçylygyň garşysynda durjakdyr

Eýranyň goranmak ministri sertip Hatami yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň Kudus güýjüniň serkerdesi general şehit Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň namardlyk bilen gijesine ýola beren hereketini döwlet derejesindäki terrorizmiň bir mysaly bilmek bilen Eýran sebitde her hili azgynçylyga berk jogap bermäge taýýardyr diýdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,sertip Amir Hatami Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Amerikalylar bu jenaýat bilen ýene bir gaýtar özleriniň terrorçylykly kimliklerini dünýä görkezendirler diýip beýan etdi.

sertip Hatami şeýle-de general Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň prezidenti Trampyň strategik ýalňyşlygyna yşarat edip serdar Suleýmaniň we ýaranlarynyň şehit bolmagy hökman çydam toplumyny kuwwatlandyrjakdyr diýdi.

Türkiýäniň goranmak ministri Hulusi Akar hem general Sileýmaniň şehit edilmegini Eýran döwletine we milletine pata aýdyp sebitiň durnuksyzlygy sebit ýurtlaryň hiç biriniň bähbidine däldir diýdi.

Teswirler