Ýanwar 17, 2020 17:07 Asia/Ashgabat
  • Musawi Kanadanyň daşary işler ministrniň aýdanlaryna geňirgedi

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Kanadanyň daşary işler ministri François-Philippe Champagnyň Tehranyň golaýynda hadysa uçrap ýere gaçan Ukrainanyň uçarynyň hakynda aýdanlaryny syýasy maksatlar bilen aýdylan gürrüňler bildi.

Kanadanyň daşary işler ministri François-Philippe Champagne düýn ikindin Londonda ýaňky uçarçylyk hadysada raýatlary gurban bolan diýmek Şwesiýa,Ukraina,Owganystan,Britaniýa we Niderlandlar ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ortak habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde bu hadysanyň dürli taraplaryny barlamak ugurda halkara barlaýjylaryň Eýrana gelmekleri bilen Tehranyň arkalaşmagyny talap etdi.

Seýed Abbas Musawi şu gün Kanadanyň daşary işler ministrniň syýasy maksatlar bilen aýdan bu gürrüňlerine gaýtawul görkezip Eýran hadysanyň ýüze çykmagyndan soň hadysanyň ynsanlyk taraplaryny göz öňüne alyp bu ýurtlaryň delegasiýalary bilen doly arkalaşyp olara gerek bolan ýeňillikleri haslandyr diýip yglan etdi.

Ýanwaryň 8-nji güni Ukrainanyň ýolagçy gatnatýan bir uçary Tehranda Ymam Homeýni(ra) hezretleriniň howa menziliniň golaýynda hadysa uçrap ýere gaçdy we onuň içindäki bütin ýolagçylary gurban boldylar.

Teswirler