Ýanwar 17, 2020 18:22 Asia/Ashgabat

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy yslam ynkylabynyň Sepah Pasdarn güýjüniň Amerikanyň ezijilikli keşbine uran urgysyny bu ýurduň köpräk abraýdan düşmegine sebäpkär bilip ar almak üçin urulan bu berk urgyň jaýyny hiç bir zat bilen dolduryp bolmaz we bu günler Amerikalylaryň Eýrana garşy köpräk gadaganlyklaryň ýola berilmeginden edýän gürrüňleri olaryň ýere dökülen abraýlaryny gaýdyp bermez diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri şu gün Tehranyň unudylmajak dabaraly juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde general şehit Gasym Suleýmani bilen onuň ýaranlarynyň jesetlerini uzatmakda Eýran ilatynyň ýaýbaň huzuryny we Ein al-Assadäki Amerikanyň bazasynyň Sepah tarapyndan urulmagyny içi sapakdan doly we aýgytly ähmiýetli Ýom Alla günleri bilmek bilen soňky hepdeleriň bu Ýom Alla günlerini ünslerden düşürmek ugurda edilen tagallalaryň birisi Ýewropanyň üç habys döwletiniň Eýranyň ýadro meselesini howpsuzlyk geňeşiniň erkinde goýmak barada atan haýbatlary bolandyr diýip beýan etdiler.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy hakykatda Ýewropalylar Amerikanyň ýörtewülleridirler diýmek bilen Ýewropalylar Eýran milletini dyza çökertmegiň hyýalynda ýaşaýandyrlar emma bulara bäride dursun olaryň ulysy we arbaby Amerika hem bu işiň hütdäsinden gelen däldir diýip belläp geçdi.

hezretleri Ýewropalylaryň söhbetdeşlikdäki boluşlaryny mekirli we hilebazlykly bilmek bilen söhbetdeşlik stolyň başynda oturýan ol jentelmenler aslynda egin eşiklerini üýtgeden Bagdat howa menziliniň terrorçylarydyrlar diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri Tehranyň juma namazynyň ikinji hutbasynyň uly bölümini Arap dilinde beýan etmek bilen Eýranyň bir beýik we batyr serdaryny we Yragyň bir yhlasly we pidakär göreşjegini terror etmekde Amerikanyň prezidentiniň ýola beren jenaýatyna yşarat edip sebitiň aýdyň gelejegi sebitiň Amerikanyň agalygyndan halas bolmagyna we Palestinan ulkesiniň başga ýerlerden gelen Sionistleriň elinden gutulmagyna baglydyr elbetde milletleriň tagallalary bilen bu maksada ýetmegiň wagtyny gysgaltmalydyr diýip nygtadylar.

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sebitiň bütin musulman milletlerine ýüzlenip yslam dünýäsinde täze bir sahypa açylmalydyr we mömin ýürekli oýa weždanly adamlar sebit milletlerinde özüňe ynanmak duýgyny oýarmalydyrlar we hemmeler ýekeje çykalganyň duşmandan gorkmazlykda,gaýduwsyzlykda we çäre görejilikdedigini bilmelidirler diýip beýan etdiler.

Teswirler