Ýanwar 18, 2020 21:35 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçynyň juma namazda hutbalarynda eden çykyşy

Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýätollah Hamenei hezretleri , düýn Tähranyň joma namazynyň hotbalarynda beren gürrüňlerinde , Haj Gasem Soleýmani bilen onyň ýaranlarynyň päk bedenleriniň uzadylmaklaryna düşümli milletiň möjeze döretýän hilinde huzurly bolmaklaryna şeýlede Sepahyň , Amerikalylaryň Eýnol-Äsad bazasyna hüjüm etmekde beren güýçli jogabyny , sapak beriji we kesgitleýji iki Ýowmollah güni bildiler.

Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy , millet şeýle huzurda şeýtanlaryň garşysynda çydam görkezýänligi baradaky durgyny görkezdi. Bu hyzzatly işiň dowam edilmeginiň ýekeje ýoly Eýranyň bütin ýerliklerde köpräk gudratly bolmagydyr diýip sözlerine goşdylar. Eýranyň milleti , geçen 41 ýylda ýeti we kesgitleýji günleri ençeme gaýtar tejribe edendir. Şol uly günleriň her biri bolsa , hemişelik bolup galýan eserleri bilen bir taryhy gün bolandyrlar.Eýranyň milleti , tönkelen uruşyň agyr döwürlerini , ýeňiş bilen başdan geçirip , agyr günlerden we howplardan pursat döretdi. Eýran, diňe goranyş öride dälde eýsem beýleki örilerde şol sanda saýlawlar örisinde we hem  ylymdyr tehnologiýa  örilerde köp üstünlikleri gazanyp hemmeleriň dillerinde bolandyr. Eýran milleti uly syýasy synaglarda hem gysyşlaryň we hileleriň garşysynda baş ýokary bolup üstünlik gazandy. Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysýnyň gürrüňlerinde düýnki nygtalan möhüm mesele , Eýran milletiniň duşmanyň garşysynda öz gudratyna daýanmagydyr . Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şu ugurda , soňky hepdelerde bolan Ýowmollah günleriň birisine başgaça aýtsak Pasdarlar Sepahyň gudrat bilen Amerikalylara jogap beren günine yşarat edip , bu güýçli gaýtawul , bir täsirli harby zarba boldy emma harby zarbadan möhümräk abyraý taýdan urulan zarbadyr we Amerikaň at abyraýyna güýçli zarba duşandyr diýip nygtadylar. Hezretleri , Sepahyň Amerikaň haýbatyna uran zarbasyny , Amerikalylaryň bi abyraý bolmaklaryna sebäp bilip , bu mäkäm zarbaň hiç zat bilen ýerini doldurup bolmaýar. Amerikalylaryň bu günler agzaýan sanksiýalary olaryň elden giden abyraýlaryny öwürüp bilmeýär diýip sözlerine goşdylar. Tejribäň görkezşine görä , duşmanyň we onuň hileleriniň garşysynda berk durulmagy üçin bütin ýerliklerde yradaly bolup duşmanyň garşysynda çäre görüp batyrgaýlykly hereket edilmegi gereklidir . Şeksiz , Yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň hem ýatlara berişleri ýaly , bu duşmançylyklar , wagtlaýyn däldirlerde eýsem hemişelikdirler . Amerikaň Eýrana etýän duşmançylyklarynyň gutarmagyna pikir edilmegi ýalňyş pikirdir. Hakykatda, Amerikaň sebitdäki huzury we Yrak bilen Owganystan ýaly ýurtlara goşun çekmegi , sebitiň kynçylyklarynyň köpsiniň sebäpidir. Aýätollah Hamenei hezretleri , şu ýerlikde , Gods Sepasynyň we bütin ýaragly güýçleriň rollaryna yşarat edip , Gods Sepasy serhetsiz söweşjeňleriň orun mertebesinde bolup her ýerde mätäçlik bolsa , sebitiň milletlrine kömek etmek we mazlumlaryň keramatyny goramak üçin huzurly bolýar we bütin gudraty bilen , mukaddeslikleri goraýar diýip nygtadylar.          

 

Teswirler