Ýanwar 25, 2020 16:51 Asia/Ashgabat
  • Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Ýewropadaky yslam jemgyýetleriniň bileleşiginiň 54-nji ýyllyk maslahatyna sargyt berdiler

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Ýewropadaky yslam jemgyýetlerine degişli bileleşigiň 54-nji ýyllyk maslahatyna beren sargytlarynda üstümizdäki ýylda siziň maslahatyňyz her gaýsy bir jähetden yslam Eýranyň we onuň ynkylapçy milletiniň azamatyny we ygtybaryny tomaşa goýan uly we möhüm hadysalar bilen zamandaş bolandyr diýip beýan etdiler.

 

şu gün Wena-da bu maslahatda okalan ýaňky sargytda Aýatolla Hameneýi hezretleri şehitlik derejesine ýetmeklik,harby başarjaňlygy tomaşa goýmaklyk,ilatyň taýsyz huzury,ýaşlaryň berk yradalary,bu zatlaryň ýanynda hem ylym-bilim we tehnologiýa örilerinde müňlerçe talaşjaň toparlaryň ýüze çykmaklary we Eýranyň boýdan başyndaky ýaşlaryň uly bölüminiň dina we magnawyýata tarap ýüzlenmekleri bularyň hemmesi häzirki dünýäde täze bir gopgunyň emele gelmegini habar berýändir bu gopgun bolsa taryhyň akymynda çuň we aýgytly täsiri galdyryp biljekdir diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle-de yslam ynkylabynyň ikinji ädimi bu gopgunyň kemala ýetip netije bermegine ýardym etmelidir diýmek bilen bu möhüm hereketde mömin,parasatly we alym ýaşlara bil baglanýandyr we siz talyplar bu taryh ýasaýjylaryň hatarynda bolup bilersiňiz diýip beýan etdiler.

Ýewropadaky talyplaryň yslamy jemgyýetlerine degişli bileleşiginiň 54-nji ýyllyk maslahaty şu gün Awstrianyň paýtagty Wenada geçirilip başlandy.

Teswirler