Ýanwar 25, 2020 18:14 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Ýewropalylaryň gep-gürrüňsiz Amerika eýermekleri bir pajygadyr

Eýranyň daşary işler ministri Ýewropalylaryň gep-gürrüňsiz Amerika eýermeklerini bir pajyga bilip Ýewropalylar Amerikanyň prezidenti Trampyň garşysynda durup bilmeýärler diýip ynam bildirdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Germaniýanyň Şpiegel gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Ýewropanyň 3 döwletiniň diýmek Germaniýa,Britaniýa we Fransiýa döwletleriniň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky düşünişmezlikleri aradan aýyrmak mekanizmyndan peýdalanmaklaryna yşarat edip Ýewropalylaryň bu mekanizmi işe alar ýaly kabul ederlikli delilleri ýokdyr diýip beýan etdi.

Zarif bu meselede Hytaý bilen Orsýet Eýran bilen pikirdeşdirler diýmek bilen Ýewropalylar howpsuzlyk geňeşinde özlerini uly çaknyşyga taýýarlamalydyrlar diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de NPT şertnamasynda çykmak baradaky Eýranyň atan haýbaty barada berilen soragyň jogabynda Eýranyň bu şertnamadan çykmagy onuň ýadro ýaragyň yzynda bolmagy manysynda däldir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy atom bombany bejermegi ynam-ygtygat we ahlak taýdan kabul edýän däldir diýdi.

Zarif şeýle-de yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň serhet-aşa Kudus güýjüniň serkerdesi general Gasym Suleýmaniň Amerika tarapyndan terror edilmegine salgylanyp DAEŞ terrorçylary ýok etmekde Amerika,Ýewropa we bütin dünýä köpçüligi serdar Suleýmani-e bergidardyrlar diýip sözlerine goşdy.

 

Teswirler