Ýanwar 25, 2020 21:13 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy serdar Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatynyň yzarlanmagyny nygtady

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi general şehit Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerikanyň ýola beren jenaýatynyň kanun arkaly yzarlanylmagyny nygtady.

Reisi Yragyň ýokary sudýa geňeşiniň başlygy Fayk Zeýdan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Amerika režiminiň general Suleýmanini terror etmekde ýola beren işini resmi tärde ykrar etmegine yşarat edip bu jenaýat halkara kanunlaryň we şertnamalaryň tersinedir we Eýran bilen Yrak ilatlary bu jenaýaty ýola beren adamlaryň we taraplaryň kanun arkaly yzarlanylmaklaryny nygtap durandyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi Amerikanyň bu terrorçylykly işiniň dürli taraplaryna yşarat edip general Suleýmani Yrak döwletiniň we Yragyň premýer ministrniň resmi çakylygy bilen kanun esasynda bir diplomatik ýumuşyň çarçuwasynda bu ýurda sapar eden ýagdaýynda Amerika režimi tarapyndan terror bolandyr oňa görä Amerikanyň bu işi el-gatyjylyk iş hasaplanýandyr we halkara hukukyň adamlaryň janlarynyň hormaty barada nygtalýan usula ters gelýändir diýip belläp geçdi.

bu telefon arkaly söhbetdeşlikde Yragyň ýokary sudýa geňeşiniň başlygy Fayk Zeýdan hem general şehit Gasym Suleýmani bilen Abumahdei al-Mohandes terrorizme garşy göreşiň gahrymanlarydyrlar diýmek bilen Amerikanyň ýola beren bu jenaýaty barada öz ýurdunyň halkara guramalarda Eýran bilen arkalaşmaga taýýardygyny yglan etdi.

Tag

Teswirler