Ýanwar 25, 2020 22:26 Asia/Ashgabat
  • Aragçi:general Suleýmaniň terror edilmegi Amerikalylaryň sebitden çykmaklaryny ýakynlaşdyrandyr

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi general şehit Gasym Suleýmaniň Amerikaly terrorçy režimi tarapyndan terror edilmegi bu režimiň sebitdäki huzurynyň soňladylmagy-ny ýakynlaşdyrandyr diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrniň syýasy işler boýunça orunbasary Seýed Abbas Aragçi özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerikanyň Eýrana berýän basyşlary şeksiz bir hili şowsuzlykdyr şondan gelende Ak-Tamyň ekstremistleri Eýran barada hakykaty düşünmäni şol basyşlaryny dowam berýändirler diýip ýazdy.

Amerikanyň daşary işler ministrligindäki näbelet adamlar hiç zady görýän däldirler htda olar Amerikaly harbylaryň sebitdäki huzury bilen garşylykda ilatyň ýaýbaň protestlerini hem görýän däldirler diýip Aragçi aýtdy.

Yrak ilaty düýn ana güni millionlarça bolup geçiren protestlerinde Amerikalylary ýygrenýändiiklerini yglan etmek bilen Yrakdaky Amerikaly harbylaryň çykmaklaryny islediler.

 

Tag

Teswirler