Ýanwar 27, 2020 18:41 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran halykynyň agzybirligi Amerikanyň hilelerini şowsuzlyga uçradar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Amerika döwleti general Gasym Suleýmanini şehit edip we ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykmak bilen Eýran Yslam Respublikasyny çetleşdirmegiň yzyndady diýmek bilen emma Eýran ilatynyň jebisligi we agzybirligi Amerikanyň hilelerini şowsuzlyga uçradandyr diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Tehranda Eýranyň bütin welaýat we etrap häkimleriniň ýygnagynda beren gürrüňlerinde Eýranyň ykdysady ösüşine yşarat edip duşmanlar Eýranyň kuwwatlylygyny we ykdysady taýdan gülläp ösmegini görüp Eýran ilatynyň jebisligini,agzybirligini we ykdysady asudalygyny aradan aýyrjak bolup tagalla edýändirler diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň mejlis saýlawlarynyň Fewral aýyň 21-nji gününde geçiriljekdigine yşarat edip saýlawlarda Eýran ilatynyň ýaýbaň huzurly bolmaklary Eýran Yslam Respublikasynyň kuwwatlylygyna sebäpkärdir diýip ynam bildirdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Eýran Yslam Respublikasy ýeke partiýalyk düzgün däldir diýmek bilen Eýranda ýurduň bütin gatlaglary we toparlary biri birileriniň ýanynda saýlawlara gatnaşýandyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň mejlisiniň 11-nji döwür saýlowlary geljek Fewral aýynyň 21-i güni Eýranyň boýdan başynda geçiriljekdir.

Tag

Teswirler