Fewral 13, 2020 20:22 Asia/Ashgabat
  • Serdar Ramazan Şarif: şehit Suleýmanyň borjy seinistleriň garşysynda çydam tolumyny daýandyrmakdy

Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Serdar Sertip Ramazan Şarif Amerikalylaryň sebitdäki bütin taslamalarynyň, çydam toplumyň gören çäreleri bilen ýeňilendigine yşaratedip Sepah Pasdaranynyň Kudus güýjüniň şehit serkerdesi general Gasem Suleýmaniň borjy sionistlere garşy göreşilmegi üçin çydam toplumyň başarnygyny ýokarlandyrmakdy diýdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Serdar Sertip Ramazan Şarif şu gün Urumiýe şäherinde general Gasem Suleýmaniň şehit bolan gününiň kyrkyna bagyşlanyp geçirlen çärede eden çykyşynda Amerikalylaryň tarapyndan şehit Suleýmaniň terror edilmegi olaryň Aziýanyň günbatar sebitindäki huzuryna soň berilmeginiň başlangyjy bolandyr diýip sözlerine goşdy.

serdar Suleýmaniň şehit bolmagyndan soňra Sepah Pasdaranyň ar almakda uran agyr şarpygy Amerikalylaryň abraýny aldy we olaryň sebitden çykmaklarynyň ýoluny tekizledi diýip Eýranyň Sepah Pasdaranynyň metbugat wekili Serdar Sertip Ramazan Şarif nygtap geçdi.

Teswirler