Fewral 14, 2020 16:56 Asia/Ashgabat
  • serdar Hajizade:musulman ýurtlar Amerikany sebitden çykarmakda birleşmelidirler

yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň kosmos bölüminiň serkerdesi general Amirali Hajizade çydam toplumy we musulman ýurtlaryň hemmesi Amerikany sebitden çykarmakda birleşmelidirler diýip beýan etdi.

general Amirali Hajizade Ýemeniň Al-Masira tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde bu günki gün çydam toplumy diňe Eýrana çäklenýän däldir eýsem çydam toplumy gyzyl deňizden orta ýer deňizine çenli we Ýemeniň Ansarolla hereketinden Lewanyň Hizbolla hereketine çenli dowam edýändir diýip nygtady.

Hajizade Yragyň Ein Al-Asad bazasyndaky Amerikaly harbylaryň heläkçiligine hem yşarat edip Eýranyň bu bazany urmagynda ýüze çykan heläkçilikden Amerikalylaryň gürrüň etmekden saklanmaklary olaryň harlygyndan bir nyşandyr diýip belläp geçdi.

yslam ynkylabynyň Sepah Pasdaran güýjüniň kosmos bölüminiň serkerdesi general Amirali Hajizade Sepahyň Ein Al-Asad bazasyna eden raketa hüjüminde Amerikaly harbylaryň beýnilerine zyýan ýetişenligine Amerikalylaryň ykrar etmeklerine yşarat edip Waşington geljekde beýnilerine zyýan ýetdi diýip toslaýan harbylarynyň ölümini ykrar etjekdir diýip nygtady.

Teswirler