Fewral 15, 2020 20:20 Asia/Ashgabat
  • Eýran milletiniň çydamlylygy halkara gözegçileri haýrana goýandyr diýip Mertebesi belent Ýolbaşçy aýtdy

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri şehitleriň ýas çäresinde aglaşmak gowşaklygyň alamaty däldir diýmek bilen şehit Suleýmani, Abumahdi Mohandes we olaryň şehit bolan ýoldaşlarynyň uzatma çäreleri Eýranda we beýleki ýurtlarda uly hadysany döretdi diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri Ahli beýit(a.s) senaçylarynyň we zikirçileriniň müňlerçesiniň arasynda beren gürrüňlerinde şehitleriň ýas çäresinde aglaşmak meýdana gelen ynsanyň yradasyny we ýokary duýgylaryny beýan etmekdir diýmek bilen şehitleriň ýas çäresinde aglaşmak başýokarlyk, kuwwatlylyk we batyrgaýly duýmak üçin bir abzaldyr diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri sözüniň dowamynda senaçylar we zikirçiler köpçüliginiň borjyýurdyň içersindäki şadyýanlygy hemde musybaty müdirçilik etmekdir diýmek bilen bu sünnet ahli beýit(a.s)iň döwründen başlandy we häzir bu güne çenli dowam edip durandyr diýdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri şeýle-de ahli beýit(a.s)iň magaryfy köpçüligiň we yslam häkimiýetiniň goraýjy ýaragydyr diýmek bilen ýurdyň ýaşlary ýumşak uruşyň ýaraglaryna ýene bir ybaratda ruhy we pikiri ýaraga beslenmelidirler diiýp nygtadylar.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri Amerikanyň garşysynda yza çekildirmäge şowuklandyrmak ugurdaky günbataryň media serişdeleriniň we inistitutlarynyň giň gerimdäki wagyz işlerine yşarat edip Eýran milleti allanyň merhemeti bilen şuwagta çenli gaýym durandyr we mundan beläk hem durjakdyr emma bu durumlylyk yzygiderli magnawy güýji köpçülige ýetirip durmaklygy talap edýär diýip beýan etdiler.

Eýranyň Yslam Ynkylabynyň mertebesi Belent Ýolbaşçysy Aýatolla seýed Ali Hameýi Hezretleri şeýle-de epik dörediji ruhyýanyň Eýran Yslam respublikasynda diridigini aýdyp Eýran milleti gerek bolan ýerinde bütin sahnalarda meýdana gelendirler emma bu akymyň dowam etmegi din we medeniýet düşünjeleriň çuňlaşdyrylmagyny talap edýär diýip nygtadylar.

Teswirler