Fewral 16, 2020 20:32 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:gadaganlyklardan duşmanlaryň el-geren zady bolan däldir

Eýranyň prezidenti Eýran ilatynyň tersine ýola berilen gadaganlyklaryň duşmanlara hiç bir netijesi bolan däldir diýmek bilen Eýran Yslam Respublikasy Amerikanyň basyşlarynyň güýçli döwürüni başdan geçirendir diýdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde gadaganlyklaryň duşmanlara netije bermändiklerini aýdyp Amerikanyň bu gadaganlyklardan we basyşlardan maksady Eýran milletini we döwletini söhbetdeşlik stolynyň başyna çekmeklik-di emma olaryň arzuwy hergiz durmuşa geçmez diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Hormoz bogazyň barlyşyk taslamasy baradaky Eýranyň tagallalaryna yşarat edip Eýranyň gatnaşmadyk ýerinde Aziýanyň günbatarynda barlyşygyň we parahatçylygyň hergiz durmuşa geçmejekdigini hemmeler bilýändirler diýip belläp geçdi.

Eýranyň prezidenti sözleriniň dowamynda general Gasym Suleýmaniň sebitdäki rolyna yşarat edip general şehit Suleýmani Aziýanyň günbatarynda we Pars aýlagynda hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň yzynda bolandyr we bu ugurda köp zähmetleri çekendir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Ýemeniň ýagdaýyna yşarat edip Arabystan özüniň Ýemene garşy el-gatyjylykly işlerine soň berip Ýemen meselesini Ýemenlileriň özlerine ynanmalydyr diýip sözlerine goşdy.

Tag

Teswirler