Fewral 17, 2020 21:12 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Eýran milleti Amerikanyň resmileriniň gapmagarşylykly sözlerine öwrenşendir

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýranda geçiriljek saýlawlar barada Amerikanyň resmileriniň aýdan gürrüňlerine yşarat edip Eýranyň abraýly milleti Amerikanyň resmileriniň gapmagarşylykly sözlerine öwrenşendir diýdi.

Amerikanyň daşary işler ministrliginiň Eýran işleri boýunça  ýörite wekili Braýan Hook geçen juma güni Eýranyň parlament saýlawlary barada bir wideony neşir edip bu saýlawlaryň utan we utduran taraplary saýlawçylaryň saýlamazyndan öňürti belli bolýar diýip toslady.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi saýlawlar baradaky Eýranyň ileri alyp brýan boluşy halkara derejesinde ylaýtada Aziýanyň günbatarynda ýokary derejede ýerleşendir diýmek bilen Amerikanyň resmileri Eýranyň saýlawlaryny sorag astyna çekmegiň ýerine Amerikadaky ilatyň we saýlanan şahsyýetleriniň soraglaryna jogap bersinler diýip nygtady.

Teswirler