Fewral 18, 2020 17:08 Asia/Ashgabat
  • Zarif:çydam we Palestinalylara ýüzlenmek Palestina meselesiniň çykalgasydyr

Eýranyň daşary işler ministri asryň söwdasy diýen Palestina garşy bolýan taslamasy netije ýetmez diýmek bilen Palestina meselesiniň çykalgasy çydam we Palestinalylara ýüzlenmekdir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif öten agşam Aýatolla Hameneýi hezretleriniň eserlerini gorap neşir edýän gullugy bilen geçiren söhbetdeşliginde beren gürrüňlerinde bu günki gün Palestinalylaryň hemmesi bir agyz bolup asryň söwdasy diýen taslama garşy çykandyrlar diýmek bilen çydam esasynda dörän Palestinanyň içindäki birleşik Sionistleriň ýaramaz syýasatlaryny puja çykarmakda gaty möhümdir diýdi.

Zarif şeýle-de Aziýanyň günbatar sebitindäki mazlum ilaty goldamak baradaky Eýranyň syýasatlarynyň dowam etjekdigini aýtmak bilen Eýran mydama Palestina ilatynyň şeýle-de kä bir sebitleri Sionist režimi tarapyndan basyp alynan beýleki musulman ýurtlaryň şol sanda Liwan we Siriýanyň ýanynda bolandyr diýip beýan etdi.

Eýranyň daşary işler ministri sözüniň ýene bir bölüminde Palestina ilatyna garşy Sionistleriň baş goşýan jenaýatlarynyň garşysynda kä Arap ýurtlaryň biparh bolmaklaryna tankyt bildirmek bilen bu Arap ýurtlary musulman ýurtlaryň tersine hem Amerika we Sionist režimi bilen arkalaşýandyrlar diýip sözlerine goşdy.

Teswirler