Fewral 18, 2020 17:36 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Eýran Liwana kömek etmäge taýýardyr

Eýranyň mejlis başlygy öten agşam Beýrutda beren gürrüňlerinde Tehran-Beýrutyň ara-gatnaşyklarynyň ösdürilmegini islemek bilen Eýranyň dürli ugurlarda şol sanda ykdysady,senagat,ylym-bilim we harby bölümlerde Liwana kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani  Beýruta gurnan saparynyň soňunda beren gürrüňlerinde Eýran bilen Liwanyň ara-gatnaşyklarynyň işjeňdigine yşarat etmek bilen Eýran Yslam Respublikasy Liwan bilen saklaýan arkalaşyklarynyň ugurynda hiç hili çäkligi ýokdyr diýdi.

Larijani şeýle-de Liwanyň içeri işlerine Amerikanyň goşulmagyna yşarat edip Amerika azar bermekden başga işi bilýän däldir we el-mydama Sionist režimini sebite häkim etmek ugurda tagalla edýändir diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Liwanyň Hizbolla hereketini terrorçy topar hasaplamak baradaky Amerikanyň işini ýazgarmak bilen Hizbolla Liwan ilatynyň balasydyr we Sionist režimiň zulumynyň garşysynda duran bu ýurduň uly baýlygydyr diýip beýan etdi.

Larijani Ýemeniň dartgynlylyklaryna hem yşarat edip Ýemeniň medeniýetli we kökli milleti olary gyrana berip öýlerini we beýleki düýp gurluşyklaryny bombalap duran bibaş režimiň zulumlaryna gabat gelendir diýdi.ol şeýle-de iň soňda Ýemen ilatynyň bu söweşde ýeňiş gazanjakdygyny aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani general Gasym Suleýmanini terror etmekde Amerika döwletiniň ýola beren terrorçylykly işi barada gürrüň gozgap Amerikanyň ýola beren bu jenaýaty bu ýurduň içinde,sebitde we jahanda ýazgarylandyr diýip sözlerine goşdy.

Teswirler