Fewral 18, 2020 19:10 Asia/Ashgabat
  • mertebesi belent ýolbaşçymiz:saýlowlara gatnaşmaklyk bütin Eýranlylaryň medeni haky we şergy,milli we ynkylaby borjydyr

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy saýlowlara gatnaşmaklygy bütin ilatyň medeni haky we şergy,milli borjy bilmek bilen hyjuly gatnaşmaklyk we dogry saýlamaklyk diýen usullara yşarat edip saýlowçylyk bir umumy jihat we ylahy nygmat we synagdyr egerde ilatyň ýokary huzury bilen geçirilse yslamy düzgüne abraý bolar we ýurduň kuwwatlanmagyna we duşmanlaryň hileleriniň garşysynda aman galmagyna sebäp bolar diýip nygtadylar.

şu gün Aýatolla Hameneýi hezretleri Eýranyň Gündogar Azerbaýjan ilatynyň müňlerçesiniň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Eýranyň dostlarynyň we duşmanlarynyň Fewral aýynyň 21-nji güni geçiriiljk Eýranyň mejlis saýlowlaryna gözlerini tikip durandyklaryna yşarat edip bu saýlowlara ilatyň ýaýbaň gatnaşmaklary duşmanlary nomyt edip ýurdy kuwwatlandyrjakdyr we Eýranyň kuwwatlylygynyň bir möhüm tarapy ýurtda kuwwatly mejlisiň bolmagydyr bu mejlis şeýle bir kuwwatly bolmalydyr welin özüniň makullaýan kanunlary bilen hem-de döwletlere ýol görkezmeleri we berýän peýdaly maslahatlary bilen ýurda amanlyk bagyş edip bilmelidir diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy saýlowçylykda Eýran ilatynyň ynkylabçy dalaşgäre ses bermekden saklanmaklary ugurynda Britaniýanyň Pars dilindäki media serişdeleriniň birisine Eýrana duşmançylyk edýän sebit ýurtlaryň birisiniň özüniň nebitden gazanýan dollarlaryndan köp mukdarda pul tölemegi hakynda ýaýran habara yşarat etmek bilen bu habarda getirilen hasabatda ilatyň saýlowlara gatnaşmaklarynyň derejesiniň we hiliniň nä-derejede möhümdigini görkezýändir diýip belläp geçdi.

Aýatolla Hameneýi hezretleri sözleriniň dowamynda Amerikaly resmileriň Eýran we Eýranyň saýlowlary barada aýdan boş gürrüňlerine yşarat edip Amerika sebitde gaty täsirli bolan general Gasym Suleýmanini terror edip sebite agalyk etjek boldy emma onuň diýeni bolmady eýsem Bagdatda Yrak ilatynyň Amerika garşy ýaýbaň protest geçirmekleri,Siriýadyr Aleppo meseleleri we sebitiň beýleki meseleleri Amerikalylaryň aýdanlarynyň dogry tersine ýüze çykdy diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy duşman diňe bir general Suleýmanini terror etmekde dälde eýsem hemişe Eýran milletinden zarba iýip gelendir diýmek bilen Amerikalylar geçen kyrk ýyllykda Eýranyň yslam düzgünini syndarmak ugurda öz erkindäki syýasy,harby,howpsuzlyk,medeni,media we ykdysady serişdelerini gaýgyrman işe alandyrlar emma Eýranyň yslamy düzgüni şu mutdetde synmagyň deregine ýylbe ýyl kuwwatlanandyr aýry bir tarapdan hem Amerika döwleti ýylbe ýyl ejizländir diýip ynam bildirdiler.

Aýatolla Hameneýi hezretleri Amerikanyň günbe gün ejizlemeginiň delillerini açyklamak bilen durmuşda Amerika döwleti özüniň 22 müň millard dollarlyk bergisi bilen dünýäniň iň bergili döwleti hasaplanýandyr we bu ýurtda baý bilen garyplaryň arasy gaty açylandyr we olaryň arasyndaky parh şu mahala çenli görülip eşidilen däldir diýip beýan etdiler.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy iýiji ýaly Amerikanyň bedenine düşen bu ýurtdaky elhenç ýagdaýlara şol sanda parh goýmalara,jenaýatlara we baý bilen garyp gatlaklarynyň arasynyň açylmagyna yşarat etmek bilen dabarasy dag aşýan Taitanik gäminiň azamaty we ulylygy onuň suwda gark bolmagynyň öňüni alyp bilmeşi ýaly Amerika hem daşky keşbini bezemek we onuň daşky keşbine haýbat bermeklik Amerikany gark bolmakdan halas edip bilmez diýip nygtadylar.

Tag

Teswirler