Fewral 21, 2020 18:02 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň 3 güýjüniň başlyklary ses berdiler

Eýranyň kazyýet, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji güýçleriniň başlyklary şu gün yslam şura mejlisiniň 11-nji döwür saýlawlarynyň hemde ýolbaşçylygyň hubralarynyň 5-nji döwür mejlisiniň döwüara saýlawlarynyň başlangyjynda ses sandyklaryň başyna baryp öz kandidatlaryny saýladylar.

prezident Hasan Ruhani şu gün ertir bilen Tehranda içeri işler ministrligindäki ses alyş merkeze baryp sesini sandyga tandan soňra beren gürrüňlerinde Eýran milleti bu gün ýene bir buýsanç döredip duşmanlary öňkilerden beter naumyt etjekdir diýdi.

Eýranyň kazyýet güýjüni başlygy Ibrahim reisi hem ses bermeginden soňra eden çykyşynda saýlawlar duşmanlaryň hilelerini suwa dökýändir diiýp nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani hem Gom şäherinde yslam şura mejlisiniň 11-nji döwür saýlawlarynyň hemde ýolbaşçylygyň hubralarynyň 5-nji döwür mejlisiniň döwüara saýlawlaryna gatnaşan mahaly beren gürrüňlerinde Amerikanyň döwleti we oňa bagly media serişdeleri Eýrana urgy urmak ugurda köp tagalla etdiler emma saýlawlaryň birinji sagatlarynda ilatyň giň gerimde oňa gatnaşmagy duşmanlara berk jogap bolandyr diýip nygtady.

Tag

Teswirler