Fewral 22, 2020 20:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranda yslam şura mejlisiniň saýlowlary üstünlikli geçirildi

Eýranyň yslam şura mejlisiniň 11-nji döwür saýlowlary öten agşam Tehran wagty bilen sagat 24-de gutardy.

Eýranyň içeri işler ministrliginiň saýlowçylyk ştabynyň metbugat wekili Seýed Ismaýyl Musawi sandyklara atylan sesleriň köpüsiniň sanalandygyna yşarat edip saýlowçylyk sebitleriň 95 göteriminde haýsy dalaşgäriň üstünlik gazanandyklary mälim bolandyr diýip yglan etdi.

Tehran ýaly Eýranyň uly şäherlerinde sesleriň sanalmak işi ertir gutaryp üstünlik gazanan dalaşgärler şol şäherlerde belli ediler diýip Musawi aýtdy.

Eýranyň mejlis saýlowlary we bu saýlowlara Eýran ilatynyň täsirli gatnaşmaklary baradaky habarlar Aziýanyň habar serişdelerinde şol sanda Hytaý,Hindistan,Ýaponiýa,Günorta Koreýa,Liwan,Yrak,Pakistan we Türkiýäniň habar serişdelerinde ýaýbaň suratda öz beýanyny tapandyr.

Tag

Teswirler