Fewral 24, 2020 21:27 Asia/Ashgabat
  • Eýranda Korona wirusy zerarly 12 adam janlaryny elden berdiler

Eýranyň saglygy saklaýyş ministrligi ýurtda Korona wirusy arkaly ölen adamlaryň sanynyň artanlygyny habar berdi.

Irna habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň umumy aragatnaşyklar we maglumat ýetiriş merkeziniň başlygy Kianuş Jahanpur şu gün beren gürrüňlerinde Eýranda Korona wirusyna duçar bolup janlaryny elden beren adamlaryň sany 12 we bu kesel sebäpli hassalap ýatan adamlaryň sany 64 adama ýetendir diýip yglan etdi.

düýn Eýranda Korona wirusy arkaly ölen adamlaryň sany 8 we bu kesele uçran adamlaryň sany 43 adam diýip yglan bolupdy.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani hem düýn Eýranyň saglygy saklaýyş ministrne ýüzlenip ony bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugurda borçly etmek bilen bu barada oňa dowamatly suratda hasabat bermegini isledi.

şol bir wagtda Halkara Pul Gaznasy bir beýannama boýunça Korona wirusynyň ýaýramagynyň dünýä ýurtlaryň aýratynda Hytaýyň ykdysady işlerine galdyryp biljek ýaramaz täsirleri barada duýduryş berdi.

2019-nji ýylyň Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinden ýaýrap başlan Korona wirusy durmuşda bu ýurduň 30 welaýatyndan aýry dünýäniň azyndan 30 ýurduna şol sanda Eýran,Amerika,Britaniýa,Fransiýa,Awstraliýa,Taýland,Günorta Koreýa,Ýaponiýa,Arabystan we arap Emirliklere hem ýaýrandyr.

sebitde öňde baryjy lukmançylyk mümkinçiliklerden paýly bolan Eýran sebitiň kä ýurtlarynyň tersine Korona wirusy barada soňky maglumatlary neşir edip durandyr we bu keseliň öňüni almak üçin gerek çäreleri hem görüp durandyr.

Teswirler