Mar 09, 2020 19:04 Asia/Ashgabat
  • Reisi:Hindistanyň kazyýet güýji musulmanlary gyrana beren taraplary jezalandyrmalydyr

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Hindistanda musulmanlaryň urulyp ýenjilmeklerinden we gyrana berilmeklerinden howatyrlanma bildirmek bilen bu ýurduň kazyýet güýjünden bu jenaýatlara baş goşanlaryň tutulyp jezalandyrylmaklaryny isledi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi şu gün beren gürrüňlerinde Hindistanda musulmanlaryň gyrana berilmegini ýazgarmak bilen Hindistan resmilerinden bu ýurduň içerisinde we ilatynyň arasynda agzalalyk döretmek barada Amerikalylaryň öjükdiriji hereketlerine esewan bolmalydyrlar diýdi.

Reisi şeýle-de Hindistanyň taryhynda ýüze çykan ganly wakalarda Britaniýanyň aýak yzynyň bardygyna yşarat edip bu ýurduň döwletinden ekstremistlere bu jenaýatlara baş goşmaga rugsat bermezligini islemek bilen bu işiň soňunyň sebitiň ýagdaýynyň dartgynlaşmagyna baryp çatjakdygyny aýtdy.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Seýed Ibrahim Reisi şeýle-de Hindistanda ýüze çykyp duran jenaýatlaryň garşysynda adam hukukyny toslaýan taraplaryň biparh bolmaklaryna tankyt bildirmek bilen Hindistanyň elhenç hadysalarynyň garşysynda adam hukukyny toslaýan ýurtlaryň sessiz oturmaklary olaryň ynsanlaryň hak hukukynyň yzynda bolmakdan ozal ezijileriň gullugyndadyklaryny görkezýändir diýip beýan etdi.

Tags