Mart 16, 2020 13:06 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Koronawirusyna garşy göreşmek boýunça taslamasy wehimi pursata öwürendir

Eýranyň Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň Koronanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny kabul edip, Milli işgärleriň we Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäre görmelidigini aýtdy.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi ýekşenbe güni eden çykyşynda Eýranda Koronawirusyna garşy göreşmek boýunça taslamasy belany pursata öwürjekdir diýdiler diýmek bilen ylma daýanýan we Dini, jihadçy we ynsanperwerlik maksatlary bilen bir hatarda bolan bu meýilnama täsirli hereketdir diýip nygtadylar.

Bu habarynda Aýatolla Ali Hameneý , Saglyk we Lukmançylyk Bilim ministrine we kärdeşlerine ak pata berdiler.

Eýran hökümetiniň ýaragly güýçleriň kömegi bilen alyp barylýan öňüni alyş we bejeriş çäreleri , keseli tizlik bilen saýgarmak, näsaglar bilen gatnaşygy bolan adamlary yzarlamak, karantin we koronawirusly adamlary bejermek, Eýranyň ilatynyň ähli gatlaklary bilen bilelikde çalt depginde dowam edýär.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň habaryna görä, şu wagta çenli Eýranda koronawirusa ýokaşan 13 938 adamdan 4790 adam sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

 

Teswirler