Mart 23, 2020 16:14 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerika döwleti korona garşy göreşe böwet döredip durandyr

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýrana garşy bikanun gadaganlyklaryny gyrakda goýmak ugurda bütin dünýä ýurtlaryň edýän aladalaryna gadyrdanlyk bildirmek bilen Amerika döwleti korona keseline garşy jahanlyk derejesinde göreşiň alynyp barylmagyna böwet döredip durandyr diýip ýazdy.

şu gün Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif özüniň Twitter sahypasynda ýazan matlabynda ahlak taýdan amal ýüzünde ýurtlaryň hereket etmekleri bir zerurlykdyr we ýekeje çykalga hem Amerika döwletiniň garşysynda bir agyz bolup ony toparlaýyn jezalandyrmakdyr diýip nygtady.

Zarif mundan ozal Braziliýanyň Folia de Paolo gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde hem bu meselä yşarat edipdi.

soňky hepdelerde dünýäniň dürli ýurtlarynda we Eýranda korona wirusynyň ýaýramagynyň yzy bilen dürli ýurtlaryň şol sanda Türkiýe,Orsýet,Pakistan we Hytaý Amerikanyň Eýrana garşy bikanun we bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň ýatyrylmagyny isländirler.

Tag

Teswirler