Mart 26, 2020 18:40 Asia/Ashgabat
  • Sekiz ýurdyň BMG-nyň Baş sekretaryna ýazan haty / Sanksiýalaryň koronanyň öňüni almakda galdyrýan ýaramaz täsiri barada duýduryş

Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Kuba, Demirgazyk Koreýanyň, Yragyň, Wenesuelanyň we Nikaragua wekilleri BMG-nyň Baş sekretaryna ýazan hatynda Koronanyň hemmeleriň umumy duşmanydygyny duýdurdylar: Sanksiýalar Koronanyň saklanmagyna ýaramaz täsir eder.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Kuba, Demirgazyk Koreýanyň, Yragyň, Wenesuelanyň we Nikaragua wekilleri BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterrese ýazan hatynda: Bikanun we aç-açan halkara hukugyny we BMG Tertipnamasyny bozýan birtaraplaýyn mejbury çäreler bilen ýüzbe-ýüz boln ýurtlar, Korona garşy durmagy olara kynlaşdyrýandyr diýip ýazdylar.

Bu hatda BMG-nyň garaşsyz bilermenleriniň birtaraplaýyn mejbury çäreleriň ulanylmagynyň dünýä ähliniň üçden birinden gowragyna täsir edýändigi nygtalyp Syýasy hasaplamalaryň adamlary halas etmegine böwet bolmagyna ýol berilmeli däldir diýip nygtaldy.

Bu hatda, Korona garşy durmagyň iň uly raýdaşlygy, we hyzmatdaşlygy talap edýänligi nygtalýar: sanksiýalara garamazdan, milli hökümetleriň Korona garşy göreşmek, esasanam täsirli we öz wagtynda lukmançylyk enjamlary üpjün etmek meselesinde edýän tagallalary şol sanda synag toplumlary we näsaglary bejermek üçin zerur dermanlar gowşaýar diýlip nygtalandyr.

Birleşen Milletler Guramasyndaky, Eýranyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Kuba, Demirgazyk Koreýa, Yrak, Wenesuela we Nikaragua ýurtlaryň wekilleri ykdysady basyşyň şeýle bikanun, mejbury we esassyz çärelerini derrew we doly ýatyrmaga çagyrdy.

Iň soňky hasabatlara görä, dünýäde koronawirusa 471,000-den gowrak adam ýokaşdy, şolardan 114,000-den gowragy dikeldildi we azyndan 21,000 adam öldi.

 

 

Tag

Teswirler