Mart 26, 2020 19:14 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Eýran bilen Owganystan hemişe bile boldular

Eýranyň prezidenti "Eýranyň we Owganystanyň milletleriniň hemişe bile bolup, meselelerinde birek-birege kömek edendiklerini aýtdy.

Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani penşenbe güni Ýazd şäheriniň Şehit Aýatolla Sadoughi keselhanasynyň başlygy Huseýin Süleýmani bilen geçirlen weideo konferensiýada korona keseleine duçar bolanlara ýetişiklik edilmeginiň gidişi bilen tanyş boldy şeýle-de  Korona zerarly bu hassahanada ýatan owgan şahyry Muhammet Ýasni bilen gürrüň etdi.

prezident Ruhani telefon arkaly geçirlen bu söhbetdeşlikde dürli ýurtlardaky hassalara saglyk arzuw etmek bilen Eýran medeniýetinde adama kömek etmegiň buýsançdygyny nygtap geçdi.

"Eýranyň we Owganystanyň iki halky hemişe bile bolup, meselelerinde birek-birege kömek edendirler diýip Eýranyň prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen geçirilen söhbetdeşlikde owgan şahyry Muhammet Ýasni Eýranyň lukmançylyk işgärleriniň edýän tagallalaryna ýokary baha berip, näsaglara berilýän ajaýyp lukmançylyk hyzmatlaryna hem yşarat edip Eýranyň taryhynda uly buýsançlar bar, we bu jebisligiň wekynçylyklara üstem çykmak üçin ýetirilýän gymmatly gulluklaryň Eýranyň buýsançlaryna ýene bir sahypa artdyrjakdyr diiýp nygtady.

 

Teswirler