Aprel 06, 2020 17:18 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi:Eýranda azyndan 24 müň adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä,koronawirusly adamlaryň dikeldiş prosesi çaltlaşandyr we şu wagta çenli Eýranda korona keseline duçar bolan adamlaryň 24 müň 236-si sagalyp keselhanalardan öýlerine gaýdandyrlar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda şu wagta çenli 60 müň 500 adamyň koronawirusyna uçramaklaryna yşarat edip geçen 24 sagatyň boýunda ýene 136 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda Eýranda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 3 müň 739 adam boldy diýip yglan etdi.

korona keseli 2019-nji ýylyň soňlarynda Hytaýyň Wuhan şäherinde tapylyp dünýä ýurtlaryna ýaýrady.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýar we wirusa ýokaşan adamlaryň sany dünýäde 1,282 milliondan gowrak adama ýetdi, şolardan 70,000-den gowragy öldi we 269 müňden gowrak adam hem sagalyp keselhanalardan boşadyldy.

Teswirler