Aprel 06, 2020 17:51 Asia/Ashgabat
  • Musawi: Eýranyň hökümeti we milleti Amerikan resmileriniň sözlerine ynanmaýarlar

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýranyň ilaty we döwleti Amerikaly resmileriniň aýdýanlaryna hiç ynam edýän däldirler diýmek bilen Eýran derman we lukmançylyk kömekleri barada Amerika döwletine isleg bildiren däldir diýip yglan etdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi şu gün wideo arkaly geçiren habar konferensiýada beren gürrüňlerinde bütindünýä köpçüligi Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren zalymlykly gadaganlyklarynyň bikanundygyny ygrar edip durandyrlar diýmek bilen Amerikaly resmileriň derman we lukmançylyk enjamlaryň Eýrana geçirilmekleri gadagan däldir diýip aýdýan toslamalaryna garamazdan iş ýüzünde bu zatlaryň Eýrana geçirilmegi mümkin däldir diýip beýan etdi.

Musawi dünýäniň käbir ýurtlary koronawirusynyň ýaýramagyndan öz neplerine peýdalanmak ugurda tagalla edýändirler diýmek bilen Eýran dünýäniň medeniýetli we garaşsyz ýurtlaryndan koronanyň döreden kynçylyklaryny arka atmak ugurda özara arkalaşyp Amerikanyň gadaganlyklaryny äsgermezliklerini isleýändir diýip yglan etdi.

dünýäniň 30-dan gowrak ýurdy şeýle-de halkara guramalaryň bir näçesi koronawirusynyň öňüni almakda Eýrana kömek edendirler diýip Musawi aýtdy.

Teswirler