Aprel 06, 2020 18:24 Asia/Ashgabat
  • general Bageri:Eýranyň ýaragly güýçleri ilatyň jan saglygyny goramakda elde baryny gaýgyrmaz

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri Eýranyň lukmançylyk jemgyýetiniň koronawirusa garşy alyp barýan tagallalaryna ýokary baha bermek bilen Eýranyň ýaragly güýçleri ýurduň lukmançylyk we derman bölüminiň ýanynda ilatyň jan saglygyny goramakda elde baryny gaýgyrmaz diýip nygtady.

general Bageri şu gün beren sargydynda korona keselinden Eýranda ilatyň bir toparynyň gurban bolmaklaryndan gynanç bildirip bu keseliň öňüni almakda Eýranyň derman we lukmançylyk bölüminiň işgärleri öz janlaryny aýaman gije gündiz zähmet çekmek bilen gahrymançylykly işleri bitirendirler diýip beýan etdi.

General Bagheri sözüniň dowamynda:lukmançylyk we saglygy goraýyş bölümleriniň tagallalary bilen bir wagtda Eýranyň Sepah Pasdaran,goşun,Goranmak ministrligi we Eýran Yslam Respublikasynyň polisiýasy bu kesele garşy göreşmekde aýgytly roly oýnandyrlar diýip beýan etdi.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy şeýle-de Eýran halkyna hassahanalar we saglygy goraýyş merkezleri bilen hyzmatdaşlygy we lukmanlar we şepagat uýalary bilen hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler