Aprel 06, 2020 19:29 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Eýranyň milli ösüş sandygyndan döwletiň bir milliard ýewro pul almagy bilen Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ylalaşmagyndan gadyrdanlyk etdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýranda koronawirusynyň kynçylyklaryna çäre görmek ugurda ýurduň milli ösüş sandygyndan döwletiň bir milliard ýewro pul alyp bilmegi barada özüniň bildiren islegi bilen Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň ylalaşmagyndan gadyrdanlygyny beýan etdi.

Eýranyň prezident gullugynyň habar ýetiriş saýtynyň beren beren habaryna görä,prezident Hasan Ruhani şeýle-de Eýranyň maksatnama we we býudjet guramasynyň başlygy Muhammet Nobagyta ýazan hatynda ýurduň derman we saglygy goraýyş ministrliginiň mätäç kömekleriniň milli ösüş sandygynyň üsti bilen üpjün edilmegini hem-de bu ministrliginiň talap edýän mätäçlikleriniň we enjamlarynyň içeride öndürilen önümlerden üpjün edilmegini talap edendir.

koronawirusynyň dünýäniň boýdan başynda ýaýramagyna garamazdan Amerika döwleti özüniň Eýrana garşy zalymlykly gadaganlyklarynyň dowam etdirilmegini nygtap durandyr.

iň soňky hasabat boýunça Eýranda şu wagta çenli 60 müň 500 adam koronawirusyna uçrap 24 müň 236 adam gowy bolup 3 müň 739 adam hem bu wirusdan ölendir.

Tag

Teswirler