Aprel 08, 2020 16:20 Asia/Ashgabat
  • şu gün Eýranda Milli ýadro tehnologiýasy günidir

Eýranly alymlaryň ýadro ýangyjyň sikilini el-germekde çeken zähmetlerinden gadyrdanlyk etmek maksady bilen şu gün Farwardin aýynyň 20-si bilen barabar Aprel aýynyň 8-nji güni Eýranda milli ýadro tehnologiýa güni höküminde ygrar edilendir.

Eýranly alymlar 2006-nji ýylyň şeýle bir gününde laboratoriýa derejesinde ýadro ýangyjyň sikilini kämil edip ýadro ýangyjyny öndürip başarandyrlar.

Eýranly alymlaryň bu üstünliginiň Halkara Atom Energiýasy Agentligine yglan bolany soň Eýran Yslam Respublikasy, parahatçylykly işlerde urany baýlaşdyrmakda tehnologiki taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrüldi.

Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi düýn bu barada beren sargydynda şeýle bir günüň gelip ýetmegini gadyrlap geçen bir ýylyň boýunda bu guramanyň el-geren 122 üstünligine yşarat etmek bilen Eýranyň ýadro energiýa guramasynyň el-geren bu üstünlikleri bu guramanyň hemme taraplaýyn ösüşiniň gidişinde täze bir baby açandyr diýip beýan etdi.

şol bir wagtda Eýranyň kazyýet güýjüniň adam hukuk ştaby hem Eýranda ýadro tehnologiýanyň milli gününiň gelip ýetmegini gadyrlamakda çykaran beýannamasynda kesekileriň zyýada talap islegleriniň garşysynda berk durup Eýran milletiniň ýadrolyk hukukynyň goralmagyny Eýranyň garaşsyzlygynyň goralmagy höküminde bildi.

Teswirler