Aprel 08, 2020 16:57 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani:bütindünýä banky bilen halkara pul sandygy öz borçlarynda tapylsynlar

Eýranyň prezidenti bütindünýä banky bilen halkara pul sandygy öz borçlarynda tapylsynlar diýmek bilen egerde häzirki ýawuz ýagdaýda olar öz borçlarynda tapylmasalar dünýä bu meseläni başgaça suratda düşüner diýip beýan etdi.

prezident Hasan Ruhani şu gün Eýranyň döwlet toparynyň maslahatynda beren gürrüňlerinde Eýran geçen 50 ýyllykda pulyň halkara sandygyndan hiç bir zady islän däldir eýsem Eýran bu sandyk barada hemişe öz borçlarynda tapylandyr diýmek bilen indi bu sandyk Eýran bilen beýleki ýurtlaryň arasynda parh goýsa onuň bu işi kabul ederli däldir diýip beýan etdi.

prezident Ruhani Amerikanyň yzarlaýan bir taraplaýyn boluşlaryny açyklamak bilen Amerika döwleti hemişe şu hili syýasaty yzarlandyr indi hem korona keseli barada özüniň bu ýalňyş ýoluny dowam edip durandyr diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şeýle-de Amerika döwleti ykdysady terrorizmiň ýanynda derman meselesinde hem bir terrorçy döwletdir diýmek bilen korona meselesinde Amerika döwleti bütindünýä saglygy goraýyş guramanyň 2005-nji ýyldaky kararyny aýak aşaga salandyr şol kararda döwletler ýokanç kesellerde birek birek bilen arkalaşmaga borçly edilendirler diýip beýan etdi.

häzirki ýowuz ýagdaýda Eýran milletine garşy basyşlary Amerikanyň döwlet resmileriniň maňlaýlarynda hemişelik gara menek bolup galar diýip prezident Ruhani belläp geçdi.

Teswirler