Aprel 08, 2020 17:47 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi: Koronawirusa ýokaşan 30,000 töweregi adam sagaldy

Eýranyň saglygy goraýyş ministrliginiň yglan etmegine görä,koronawirusly adamlaryň dikeldiş prosesi çaltlaşandyr we şu wagta çenli Eýranda korona keseline duçar bolan adamlaryň mezende 30 müňsi sagalyp keselhanalardan öýlerine gaýdandyrlar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoush Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Eýranda şu wagta çenli 67 müň 286 adamyň koronawirusyna uçramaklaryna yşarat edip geçen 24 sagatyň boýunda ýene 121 adamyň koronawirusyndan ölmekleri bilen ýygnagda Eýranda bu wirusdan ölen adamlaryň sany 4 müň 3 adam boldy diýip yglan etdi.

ol şeýle-de geçen bir gije gündiziň boýunda Eýranda ýene bir müň 997 adamyň korona wirusyna uçrandyklary anyklanyldy diýip yglan etdi.

Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary koronawirusa garşy göreşe gatnaşýarlar we wirusa ýokaşan adamlaryň sany dünýäde bir million 500 müňe ýetdi, şolardan 82,000-den gowragy öldi we 308 müňden gowrak adam hem sagalyp keselhanalardan boşadyldy.

Teswirler