Aprel 08, 2020 22:03 Asia/Ashgabat
  • Kadhodai:Eýran düzgüni Amerikanyň jenaýatlarynyň yzy bilen 41 ýyl mundan ozal üýtgedi

Eýranyň esasy kanunynyň gözegçi geňeşiniň metbugat sekretary ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Eýranyň düzgünini üýtgetmegiň zerurlygy baradaky aýdanlarynyň jogabynda: belli bolşyndan Amerikanyň daşary işler ministri Pompeo bu ýurduň sansyz jenaýatlarynyň gaýtawulynda 41 ýyl mundan ozal Eýranda düzgüniň üýtgändigini unudan bolmaly diýip beýan etdi.

Amerikanyň daşary işler ministri Maýk Pompeo özüniň soňky çykyşynda Eýranda düzgüniň üýtgedilmegini nygtap Waşington özüniň Eýrana garşy gadaganlyklaryny ýatyrmakçy däldir diýip yglan etdi.

Amerikanyň terrorçy CIA guramasynyň ozalky başlygy we bu ýurduň häzirki daşary işler ministri Pompeo Eýran ilatynyň Amerikanyň jenaýatlarynyň gaýtawulynda 41 ýyl mundan ozal Eýranyň düzgünini üýtgedendigini unudan bolmaly diýip Kadhodai şu gün özüniň twitter sahypasynda ýazdy.

Teswirler