Aprel 10, 2020 15:43 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Yragyň täze premýer-ministriniň bellenilmegini garşy aldy

Eýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Yragyň täze premýer-ministri wezipesine Mustafa Abdul Latif al-Kazeminiň hödürlenmegini garşy aldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Eýran Yragyň garaşsyzlygyny,milli häkimiýetini,toprak bitewiligini elmydama goldandyr we bu ýurduň ähli syýasy akymlarynyň demokratik prosesler arkaly ylalaşmaklaryny agzalalyklary parahatçylykly çözmegiň ýeke-täk usuly höküminde bilýändir diýdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň metbugat wekili sözüniň dowamynda Şübhesiz, sebitde we halkara derejesinde täsirli bolan we durnukly Yrak ýurdyny döretmek ähli Yrakly toparlaryň,syýasy taraplaryň,Yrak halky we dini şahsyýetleriniň arkalaşmaklaryna mätäçdir diýdi.

Musawi şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy hemişeki ýaly Yragyň kynçylyklaryny ýeňip beýik maksatlaryna ýetýança Yrak döwletiniň ýanynda bolar diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň Yrakdaky ilçisi Iraj Masjedi hem şu gün beren gürrüňlerinde Mustafa Abdul Latif al-Kazeminiň Yragyň täze premýer-ministri wezipesine hödürlenmegini garşy aldy.

Adnan al-Zarfiniň Yragyň döwlet kabinetini gurmakdan çekilmeginden soň, prezident Barham Saleh penşenbe güni Mustafa Abdul Latif al-Kazemi täze ministrler kabinetini döretmek üçin borçly etdi.

Tag

Teswirler