Aprel 22, 2020 18:51 Asia/Ashgabat
  • yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sepah pasdaranyň işlerinden gadyrdanlyk etdiler

yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň sepah pasdaranyň işlerine gadyrdanlyk bildirmekde çykaran sargydy Eýranyň bütin güýçleriniň serkerde başynyň harby gullugynyň başlygy general Muhammet Şirazi tarapyndan ýaýradyldy.

şu gün Sepah Newsiň beren habaryna görä,general Muhammet Şirazi yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýjüniň ýokary derejeli serkerdesi general Huseýin Salami bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi hezretleriň sepah pasdaran güýjüniň döredilmeginiň ýyllygy mynasibatli çykaran sargydyny oňa ýetirdi.

general Muhammet Şirazi şeýle-de yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýçleriniň agzalaryna we olaryň içeri maşgalalaryna bolan doga salamyny general Salami-e ýetirdi.

Aýatolla Hameneýi hezretleri bu sargytda sepah pasdaranyň bitiren işlerinden we edýän tagallalaryndan gadyrdanlyk edendirler.

yslam ynkylabynyň sepah pasdaran güýji 1979-nji ýylyň Aprel aýynyň 22-sinde Ymam Homeýni(ra) hezretleriň permany bilen döredilendir.

Tag

Teswirler