Aprel 26, 2020 17:03 Asia/Ashgabat
  • Zarif bilen Guterres Ýememen halkyna ynsanperwer kömegini ibermek barada gürrüň etdiler

Eýranyň Daşary işler ministri we BMG-nyň Baş sekretary Ýemen halkyna ynsanperwer kömegini ibermek üçin Ýemen serhetlerini we portlaryny açmagyň we goramagyň zerurdygyny aýtdylar.

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif telefon arkaly  BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş geçiren söhbetdeşliginde Ýemen dartgynlylygynyň harby çäresi ýokdyr diýmek bilen Ýemen dartgynlylygyna syýasy çäre görmek üçin deslap bu ýurtda atyşygyň bes edilmegi durnukly suratda ýerine ýetirilmelidir diýip beýan etdi.

bu söhbetdeşlikde BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş hem Eýran Yslam Respublikasynyň Ýemende atyşygy bes edip söhbetdeşlikleriň başlanmagyna şert döretmek ugurdaky tagallalaryndan gadyrdanlyk etdi.

BMG-nyň Baş sekretary şeýle-de Ýemende atyşygy bes etmek ugurda Birleşen Milletler Guramanyň alyp barýan işleri barada hem maglumat berdi.

Tag

Teswirler