Maý 22, 2020 11:21 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrligi: Sionist  režimi adamlary köpçülikleýin öldürýän maşyndyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, Ysraýyl režimi hiç hili düzgün we kanun bolmazdan palestinalylaryň janyny alýan we gurban edýän öldüriji maşyndyr diýip nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni agşam, Bütindünýä Al-Kudus güni mynasybetli sionist  režimimiň genosidi we söweş jenaýatlary barada ýazan twitlerinde: Ysraýylyň apartaýd režimimi bigünä palestinaly çagalary nyşana almakda uly tejribä eýe; Şehit bolan çagalaryň hemmesi ýaragsyzdy we diňe azatlyk we adalat gözleýärdi, ýöne hiç hili düzgün bolmazdanYsraýyl harbylary arkaly atyldylar.

Eýranyň Daşary işler ministrligi palestinaly aýallaryň we çagalaryň ejir çekýändiklerini we ýesirlikde sionist  režimimiň eden zulumlarynyň esasy pidalarydygyny aýdyp Palestina halky hiç hili delilsiz Ysraýylyň tussaghanalarynda saklanýarka wagtal-wagtal agyr ýenjilýär we gynalýar. olar Derrew boşadylmaly..

Teswirler