Maý 22, 2020 11:36 Asia/Ashgabat
  • Reisi: Palestina halkynyň hukuklarynyň doly berjaý edilmegi dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň esasy şertidir

Eýranyň kazyýet häkimliginiň başlygy Yslam ýurtlarynyň adalat ministrlerine ýüzlenip, palestina halkynyň hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmeginiň dowamly parahatçylygyň ýola goýulmagynyň esasy şertidigini aýtdy.

"Seýid Ybraýym Reisi" anna güni Halkara Kudus günüi bilen bir wagtda, musulman ýurtlaryň adalat ministrlerine garap ýazan hatynda Palestina halkynyň hukuklaryny halkara derejesinde durmuşa geçirmäge we sionist  režimiň jenaýatlaryny we basybajylyklaryny yzarlamaga Eýran Yslam Respublikasynyň kazyýet güýjüniň taýýarlygyny yglan etdi.

Bu habarda, Eýranyň kazyýet häkimliginiň başlygy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we käbir Ýewropa hökümetleriniň Sionist  režimimiň basyp almaklaryny pul, güýç we aldaw bilen dowam etdirmek baradaky 7 onýyllykdaky tagallalaryna salgylanyp, "Öz ykbalyňy kesgitlemek hukugyny" her bir halkyň inkär edip bolmajak hukugy hökmünde nygtady we Al-Kudus gününi deňizden derýa çenli hemişelik paýtagty hökmünde Kudus-iň jebisleşýän güni diýip atlandyrdy.

Tag

Teswirler