Maý 22, 2020 14:21 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikaly resmiler Ysraýylyň jenaýatlarynyň hyzmatdaşydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif penşenbe güni agşam Ak-Tam jogapkärleriniň basyp alyjy Sionist režimine berýän hemmetaraplaýyn hemaýatlaryna yşarat edip Amerikalylary bu režimiň ýola berýän ähli jenaýatlarynyň jogapkäri bildi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerikaly resmiler Palestina ülkelerini basyp almakdan Amerikaly ýaraglar bilen çaga öldürmek ýaly adamzada garşy Ysraýylyň baş goşan ähli jenaýatlarynyň hyzmatdaşydyr diýip beýan etdi.

Zarif şeýle-de başga bir twittde Günbatar dünýäsiniň juhitleriň tersine ýola beren jenaýatlarynyň tawanyny bermeli däldirler diýdi.

mukaddes Remezan aýynyň soňky anna güni Yslam Respublikasynyň düýbini tutan Ymam Homeýni(ra) hezretleriň başlangyjy bilen Kudus güni diýilip atlandyryldy.

bu gün bolsa Maý aýyň 22-si bilen deň gelýän 1441-nji ýylyň mukaddes remezan aýynyň 28-i halkara Kudus günidir.

Teswirler