Maý 22, 2020 16:56 Asia/Ashgabat
  • Mertebesi Belent Ýolbaşçy: Palestina paygasynyň asly günäkäri, günbatar döwletleri we olaryň şeýtanlyk syýatlarydyr

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Palestina ýurdyny basyp almagyň we Sionist rak keseliniň emele gelmeginiň uly betbagtçylykdygyny ýatlara bilen Palestina paygasynyň asly günäkäri, günbatar döwletleri we olaryň şeýtanlyk syýaatlarydyr diýdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, anna güni Bütindünýä Al-Kudus güni mynasybetli Eýranda Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňişe ýetmeginiň Palestina ugrundaky göreşde täze bir bölüm açandygyny aýdyp Ilkinji ädimlerden, ýagny sionist elementleriň çykarylmagyndan tut tä giň syýasy çäreler, hemmesi sebitde "çydam topumyň" döremegine we bu meseläniň çözgüdine bolan umydy ýüreklerde gülletdi diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, häzirki wagtda çydam toplumyň güýç we umyt bilen öňe barýandygyny we güýç elementleriniň barha artýandygyny, tersine, Zulum, kapyrlyk we ulumsylyk frontynyň has boşaýandygyny we tamasyny üzýänligini hemde peselýänligini aýdyp Bu talapyň aýdyň subutnamasy, bir wagtlar ýeňilmezek we ýyldyrym çaltlygy hasaplanýan sionist goşunyň indi Liwanda we Gazada meşhur söweşiji güýçleriň öňünde yza çekilmäge we ýeňilendigini boýun almaga mejbur bolmagydyr, Şeýle-de bolsa, göreş meýdany örän çynlakaý we üýtgäp bilýär we hemişe ideg edilmegine mätäç we bu göreşiň mowzugy örän möhüm, we aýgytlydyr diýip nygtadylar.

Aýatolla Hameneýi, ulumsylyk we sionizmiň esasy syýasatynyň, musulman jemagatlarynyň aňynda Palestina meselesini peseltmek we ony ýatdan çykarmakdygyny aýdyp Iň derwaýys wezipe, yslam ýurtlarynda duşmanyň syýasy we medeni hakyna tutulan adamlary arkalyýola berilip durlan dönüklige garşy göreşmekdir diýip açykladylar.

 

Teswirler