Maý 26, 2020 16:14 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Şweýsariýa Amerikanyň bikanun hereketleriniň garşysynda has täsirli rol oýnasyn

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Şweýsariýanyň prezidentine bilen geçiren söhbetdeşliginde Tähran ABŞ-nyň Eýrana garşy bikanun we adamkärçiliksiz sanksiýalaryny ýokarlandyrmagyň garşysynda Şweýsariýanyň has täsirli rol oýnamagyna garaşýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Şweýsariýanyň prezidenti Simonetta Sommaruga jaň edip,bu ýurduň maliýe mehanizmini açmak baradaky ädimini garşy alyp bu maliýe kanalynyň döredilmegi bu kyn ýagdaýda gaty täsirli bolup biler we bu maliýe mehanizminiň işjeňleşmegi bilen Eýranyň käbir ýurtlardaky käbir maliýe çeşmeleriniň bu ugurda işlemegine garaşylýar diýdi.

Ruhani halkara şertnamasy hökmünde ýadro ylalaşygyň iş maslahatyny saklamagyň möhümdigini aýtmak bilen ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň goralmagynyň garşysynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ylalaşykdaky borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini deňleşdirmek üçin zerur çäreleriň görülmegini nygtamak bilen Şweýsariýanyň bu ylalaşygyň düýbini güýçlendirmegine kömek edip biljekdigini aýtdy.

Ruhani iki ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we adamzat ugrundaky tagallalaryny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.

Şweýsariýanyň prezidenti hem, Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekdi we iki ýurduň koronawirusy bilen baglanyşykly tejribe alyşmagyny makullady.

Simontta Sommaruga, Berniň Şweýsariýanyň maliýe kanalyny has işjeňleşdirmek üçin işlemegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Şweýsariýanyň prezidenti şeýle-de ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan  çekilendigine gynanç bildirip Şweýsariýa beýleki Ýewropa taraplaryny ýadro ylalaşygyny goldamaga we borçlaryny ýerine ýetirmäge höweslendirjekdigini aýtdy.

Tag

Teswirler