Maý 27, 2020 17:45 Asia/Ashgabat
  • Eýran mejlisiniň 11-nji döwrüniň başlamagy

Eýran mejlisiniň 11-nji döwrüniň şu gün irden (çarşenbe) prezidentiň we saýlanan 276 wekiliň gatnaşmagynda başlandy.

mejlisiň başlyklar toparynyň öz ornunda ýerleşenden soňra, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýiniň sargydy okaldy.

Başlyk Seýid Reza Tagawi, başlygyň orunbasary Seýid Mostafa Aga Mirsalim, birinji sekretar Ruhollah Nejabat we ikinji sekretar Mohsen Fathi 11-nji mejlisiň iň garry we ýaş agzalarynyň arasyndan saýlandylar.

Eýran mejlisiniň 11-nji döwrüniň açylyş dabarasyndan soň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çykyş etdi we kasam kabul ediş dabarasy geçirildi.

 

Teswirler