Maý 28, 2020 17:36 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 112 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä,şu wagta çenli koronawirusly 112,988 adam bejerildi we keselhanalardan çykaryldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour, şu gün habarçylar bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky statistiki maglumatla yşarat edip soňky 24 sagadyň dowamynda 2258 täze näsagyň anyklanylandygyny habar berdi.

bu san bilen Eýranda koronawirusyna uçran adamlaryň jemi sany 143 müň 849 adam boldy diýip Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy Kianoş Jahanpour aýtdy.

ol şeýle-de soňky 24 sagatda 63 näsagyň ölümine ünsi çekip, Eýranda korona wirusyndan ölenleriň sanynyň 7,627 adama ýetendigini aýtdy.

Dünýäde koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany 5,800 000-den geçdi, şolardan azyndan 357,000 adam öldi we 2,510 000-den gowrak adam keselhanalardan gutuldy.

Teswirler