Maý 28, 2020 20:17 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani Azerbaýjan Respublikasynyň milli gününi gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentine iberen hatynda bu ýurduň milli gününi gutlamak bilen Tehranda we Bakuda ýokary syýasy yradanyň bardygyna yşarat edip iki ýurduň abadançylygy we bähbitleri üçin uly ädimleri ädip boljakdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Elham Aliýewe iberen ýüzlenmesinde Eýran we Azerbaýjan respublikasy, iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we dini umumylyklary we gyzyklanmalary we ýokary syýasy erkleri bilen birek-birege goldaw bermek arkaly iki milletiň abadançylygy we bähbitleri üçin uly ädimleri ätip bilerler diýdi.

prezident Ruhani şeýle-de dünýäniň näbelli wirusa we korona keseline üstem çykmagyndan soň Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň iki taraplaýyn gatnaşyklary we şertnamalary baglaşmakdan aýry dürli sebit we halkara meselelerinde bilelikde hyzmatdaşy dowam etdirip bilmegini umyt etdi.

Maý aýynyň 28-i Azerbaýjan Respublikasynyň milli günidir.

Teswirler