Maý 29, 2020 17:36 Asia/Ashgabat
  • Eýran we Türk parlamentleriniň ýolbaşçylary sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar

Eýran we Türk parlamentleriniň ýolbaşçylary sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy  Muhammet Bager Galibaf telefon arkaly Türkiýäniň mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilengeçiren söhbetdeşliginde Eýranyň Yslam şura mejlisi aramyzdaky gatnaşyklary giňeltmek we ösdürmek üçin ileri srülýän islendik çäreleri garşylaýar diýip yglan etdi.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, şeýle hem, Siriýa baradaky Astana şertnamanyň çäginde Eýran, Russiýa we Türkiýe  ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy we ýakyn wagtda Eýran-Türkiýe dostluk-parlament toparynyň dörediljekdigini habar berdi.

Bu telefon söhbetdeşliginde Türk Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Galibafy Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we dürli syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda, esasanam parlament gatnaşyklarynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we berkitmäge taýýardygyny aýtdy.

 

Teswirler