Iýun 01, 2020 15:31 Asia/Ashgabat
  • Raisi: Amerikan polisiýasynyň raýatlara garşy eden jenaýaty bu ýurduň hakyky keşbini görkezdi

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy Amerika polisiýasynyň bu ýurduň raýatlarynyň we garaýagyzlaryň tersine ýola berýän jenaýatlaryna yşarat edip Amerika polisiýasynyň bir gara ýagyz adamy öldürmekde ýola beren jenaýaty Amerika döwletiniň hakyky keşbini tomaşa goýandyr diýip nygtady.

Eýranyň kazyýet ulgamynyň başlygy Seýed Ybraýym Raisi şu gün Eýranyň Kazyýet güýjüniň işgärleriniň ýokary geňeşiniň hepdelik mejlisinde beren gürrüňlerinde Amerikanyň ezijilikli sistemasynda jynsparazlyk bardyr diýmek bilen Amerika ilatynyň bildirýän ýaýbaň protestleri geçen on ýyllyklarda aýratynda bu ýurduň garaýagyzlaryň arasynda ezijilikli sistemasyna bolan gahar gazabyň partlamasydyr diýip beýan etdi.

Eýranyň kazyýet güýjüniň başlygy şeýle-de Amerika döwletiniň koronawirusyny kontrol etmekde goýberen ejizlikleriniň bir ýüz müňden gowrak adamyň başyna ýetendigine yşarat edip Amerika ilatynyň hem-de Günbatar ýurtlaryndaky sütem astyndaky milletleriň hemmesiniň özleriniň ber hak hukuklaryna ýetip bilmeklerini umyt etdi.

Geçen duşenbe güni Minnesota ştatynyň Minneapolis şäherinde ak Amerikaly ofiser garaýagyz Jorj Floýdi öldürdi.

şondan bäri Amerika ilaty bu ýurduň dürli şäherlerinde jynsparazlyga garşy protestleri ýola berip gelýändirler.bu jynsparazlyga garşy protestler durmuşda dünýä ýurtlaryna çekilip durandyr.

Teswirler