Iýun 01, 2020 15:49 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 121 müňden gowrak adamyň koronawirusyndan gutulmaklary

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň yglan etmegine görä şu wagta çenli ýurtda koronawirusa ýokaşan 121 044 adam gowulaşdy we keselhanalardan boşadyldy.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk we maglumat merkeziniň müdiri Kianoş Jahanpour şu gün habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky maglumata yşarat edip Soňky 24 sagadyň dowamynda 2979 täze näsagyň anyklanandygyny yglan etdi.

Jahanpour sözüniň dowamynda täze hassalaryň arasynda 652 adam keselhanalarda ýerleşdirildi we 2327 näsag hem aýak üstünde derman boldy şeýle-lik bilen Eýranda Qovid 19 bilen kesellänleriň umumy sany 154,445-e ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Jemgyýetçilik gatnaşyklary we maglumat merkeziniň başlygy soňky 24 sagadyň dowamynda 81 näsagyň ölendigine yşarat edip Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 7878 adama ýetdi diýdi.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 6 million 283 müňden gowrak adama ýetdi, şolardan azyndan 374 müň adam öldi we takmynan 2 million 854 müň adam sagaldy we keselhanalardan boşadyldy.

Teswirler