Iýun 01, 2020 16:18 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran hemişe Owganystan döwletiniň we milletiniň ýanyndadyr

Eýranyň prezidenti dost we goňşy ýurtlar bilen şol sanda Owganystan bilen aragatnaşyklaryň ösdürilmegini Eýranyň usully syýasatlaryndan bilmek bilen Eýran Owganystanyň durnuklylygy we parahatçylygy ugurynda hemmişe bu ýurduň ilatynyň we döwletiniň ýanyndadyr diýip yglan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün Owganystanyň prezidenti Muhammet Aşraf Gani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligindebu ýurduň syýasy toparlarynyň arasynda ele gelen ylalaşykdan begenç bildirmek bilen Eýran Owganystanyň durnuklylygyny we howpsuzlygyny sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygy ugurynda bilýändir diýip yglan etdi.

prezident Ruhani şeýle hem, Eýranyň korona garşy göreşde gazanan üstünliklerine we owgan bosgunlaryna mugt lukmançylyk we saglyk hyzmatlaryny bermekde alyp barýan işlerine yşarat edip bu işler diýmek korona garşy göreşde owgan doganlaryna saglyk hyzmatlaryny bermek dowam etdirler diýdi.

bu söhbetdeşlikde Owaganystanyň prezidenti Aşraf Gani hem owgan bosgunlaryna berilýän kömek we lukmançylyk hyzmatlaryny öwdi we Eýran hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirdi.

Owganystanyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitiň durnuklylygy we howpsuzlygyndaky konstruktiw roluna ünsi çekip, Tährany Owganystandaky parahatçylyk prosesine we gepleşiklere goldaw bermäge çagyrdy.

dürli ugurlarda Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky ösýän gatnaşyklar barada durup geçen Aşraf Ghani, iki ýurduň resmileriniň tagallasy bilen gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň öňkülerinden has giňeljekdigine umyt bildirdi.

Tag

Teswirler