Iýun 01, 2020 17:20 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerikada garaýagyzlaryň basgylanmaklary dünýäni gynandyryp durandyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Tähranyň ABŞ-nyň içerki işlerine goşulyşmagy ret edýändigini belläp Amerikan raýatlaryna, esasanam garaýagyz raýatlara garşy iň rehimsiz repressiýalar dünýäniň ähli halklary üçin gynandyryjydyr diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Seýed Abbas Musawi şu gün irden metbugat ýygnagynda Amerikanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brieniň Eýranyň ABŞ-daky soňky bidüzgünçiliklerdäki roly barada aýdan toslamalaryna yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda dowam edýän protestler ençeme ýyllap Amerikanyň halkynyň sesiniň basylmagynyň netijesidir we bu ýagdaýda ABŞ-nyň jogapkärleriniň toslamakdan başga çäreleri ýokdir diýdi.

Musawi Amerika ilatyna ýüzlenip beren sargydynda dünýä siziň zulum astyndadygyňyza gowa geçýän perýadyňyzy eşidendir diýmek bilen öz ilatynyň tersine ýola berýän gahar gazaply işleriňizi togtadyp olaryň dem almaklaryna pursat beriň diýip Amerikanyň döwletine we polisiýa güýçlerine tabşyrdy.

aýtmak ýerli Amerikanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O'Brien bu ýurtda jynsparazlyga garşy ýola berilen protestleriň ýüze çykmagynda Eýran,Hytaý we Orsýet ýurtlaryny rol oýnamakda aýyplandyr.

Teswirler